Parol şeýle bolmaly:
- häzirki we köne paroldan tapawutly bolmaly;
- 8 we ondan köp simwoldan ybarat bolmaly;
- uly we kiçi harplary, sifrleri hem-de ýörite simwollary öz içine almaly;
- latyn elipbiýiniň harplaryndan ybarat bolmaly.
Paroly hasap adyňyza ýa-da hakykatda bar bolan bir söze görä döretmäň.
Ygtybarly parol döredýäris
Aşakda getirilen mysallary öz hususy parolyňyz hökmünde ulanmaň.
- Parol döredeniňizde harplaryň, sifrleriň we simwollaryň tötänleýin toplumyny ulanmaga çalşyň. Parol näçe uzyn bolsa, şonça gowy. Şeýlelikde betniýetli adamlara parolyňyzy döwmek has kyn bolar.
- Özboluşly parol döretmek üçin jümleden ähli çekimli harplary aýryň. Mysal üçin, “MhtMlnkPtchk” — “muha eto malenkaya ptichka”.
- Söýgüli aýdymyňyzyň ýa-da gowy bilýän jümläňiziň baş harplaryndan gysgaltma dörediň. Mysal üçin, “tmkynckvpcdcns” — “temniy mrachniy koridor, ya na cipochkah kak vor, probirayus chut disha, chotbi ne spugnut”.
- Käbir harplary baş harp ediň, sifrleri we simwollary, şol sanda dyngy belgilerini goşuň. Mysal üçin, “!MhtMlnkPtchk_20” ýa-da “*TmkYnckvPcdCns99!”.
- Paroly her birnäçe aýdan üýtgedip duruň. Şeýlelikde ähtimal maglumat syzmagyndan gaça durarsyňyz.
- Şol bir meňzeş paroly birnäçe hasap üçin ulanmaň. Eger hakerler bir saýty ele geçirseler, olar alnan parol arkaly başga saýtlara we programmalara girmäge synanyşýarlar.